Hatiko 1923-1935-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen “akita” tohumyndan bir meşhur itdir. Ony akita we beýleki itlerden şu wagta çenli tapawutlandyrýan aýratynlyk, onuň çäksiz wepalylygydyr.
Asyl ady “hati” bolup “ko” beýleki tarapdan, ýapon dilinde –meniň çagam, söýgi ýaly many aňladýan goşulmadyr. Hatiko heýkeliniň dirikä dikilenini gören ýeke-täk it bolmagy hem ahmal. Gelip, bu meşhur it baradadaky kiçiräk hekaýa bilen tanyş bolalyň.
Hatikonyň hekaýasy
1925-nji ýyl. Hatiko Tokionyň bir uniwersitetiniň Eizaburo atly mugallymyň itidir. Öňki okuwçysy tarapyndan sowgat edilen bu it professory, ony her gün irden Şibuýa stansiýasyndan iberýär we her gün agşam şol bir ýerde garşylaýar. Emma bir gün professor Eizaburo uniwersitetde ýürek agyry keselinden aradan çykýar. Bu, Hatikonyň on ýyllap umytsyz garaşmagynyň başlangyjy bolýar. Hatiko, şol bir wagtyň özünde 1935-nji ýyla çenli (tä Hatiko aradan çykýança) öz eýesini garşylamaga gidýär.
Ýapon däp-dessuryna görä, ýanýoldaşlary aradan çykan aýallar gaýtadan durmuşa çykmaýarlar. Professor Eizaburonyň aýaly hem ozal ýaşaýan jaýyny satyp, kakasy bilen mesgen tutdy. Bu jaýa uzak wagtlap alyjy tapylmaýar. Hatiko birnäçe ýyllap şol jaýyň gapysynyň öňünde eýesine garaşýar. Çünki, hiç kim ony bu zatlardan saklap bilmedi.
Wagt geçdi. 1933-nji ýyl geldi. Hatiko hem indi garrady. Günde iki gezek şol bir uzyn ýoldan ýöremek gaty kyn bolansoň, Şibuýa wokzalynda ýaşap başlady. Hemmeleriň köp ýyl bäri tanaýan bu itini wokzalyň başlygy howandarlygyna alýar.
Hatikonyň hatyrasyna heýkel dikildi
Meşhur aktrisa Ýoşi-ko Kawadanyň maddy goldawy we beýleki köp sanly haýyr-sahawat bilen, Hatikonyň bürünç heýkeli wokzalyň gapdalynda eýesine garaşyp duran şekili dikeldidi. Hatikonyň bürünçden ýasalan heýkeli Ikinji jahan urşy döwründe zerurlyk sebäpli eredilipdi, ýöne uruşdan soň heýkel täzeden dikeldildi. Hatikonyň wepalylygy, sabyrlylygy onuň gahryman bolmagyna uly täsir etdi.
Hatikonyň hatyrasyna film döredildi
Hatikonyň hatyrasyna 2009-njy ýylda “Hachi: A Dog’s Tale” ady bilen drama žanry esasynda film döredildi. Filmde Hatikonyň eýesi ýagny mugallymyň keşbini dünýä belli aktýor Riçard Gir janlandyrýar.
Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.