“Volvo” kompaniýasy täze elektrik ulag strategiýasyny we meýilnamasyny düzýändigini mälim etdi. Kompaniýanyň maksady geljekde dünýäniň iň iri elektrik awtoulag öndürijileriniň biri bolmakdan ybaratdyr.
Alymlaryň bellemeklerine görä, elektrikli awtoulaglara bolan gyzyklanmanyň günsaýyn artýandygy we zyňyndylaryň hem barha artmagy, ekologiýany hapalamagy sebäpli her bir awtoulag öndüriji kompaniýa özüniň elektrik ulaglaryny öndürmeli bolýarlar.
Bu kompaniýalardan biri, Şwesiýanyň awtoulag öndürijisi “Volvo” täze elektrik ulagy modelleriniň we elektrik ulag akkumulýatorlarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalary ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi.
“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!