SPORT

“Premier liga” toparlarynyň  500 millionlyk ýitgisi

Koronawirus pandemiýasy futbol älemindäki transfer işine täsir etmegini dowam etdirýär. Häzirki wagtda oýunçylaryň aglabasy öz toparyndan aýrylyp, beýleki topara transfer bolmagy islemeýändigi habarlarda mälim edilýär. Bu bolsa, islendik bir toparda maliýe ýitgini emele gelmegine getirýär.

Angliýanyň “Premier liga” toparlarynyň pandemiýa döwründe transfer bolmadyk oýunçylary sebäpli 500 million funt girdejisini ýitirendigi habar berildi. “Premier liganyň” öňdebaryjy toparlarynyň köpüsi, möhüm transferleri amala aşyrmady. Bu bolsa, iňlis toparlarynyň iň uly ýitgisine sebäp boldy. Häzirki döwürde tomaşaçylarsyz oýunlaryň oýnalmagy hem klublary maddy taýdan pese düşmegine getirýär.

“Premier liganyň” 11 kluby 2019-njy ýylda 25 million ýewro gazandy.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy