SPORT

“Liwerpul” Tiago bilen güýçlenýär

Germaniýanyň çempiony “Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş eden Tiago Alkantara mundan soňky futbol ýoluny Angliýanyň çempiony “Liwerpul” toparynyň düzüminde dowam eder. Bu babatda her iki toparyň özara ylalaşyga gelendigi mälim edildi.

29 ýaşyndaky ispan futbolçysy üçin ylalaşylan geleşigiň bahasy 30 million ýewro deňdir. Alkantara geçen möwsümiň ahyrynda çykyş edýän toparyndan gitjekdigini mälim edildi. Bu barada ol öz toparynyň ýolbaşçylaryny hem duýdurypdy.

Tiagonyň “Liwerpul” topary bilen 2024-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama bagla’magy göz öňünde tutulýar.

Tiago Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýetişdiren futbolçysydyr. Ol bu toparyň düzüminde 2008-2013-nji ýyllarda oýnady. Soňra Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna geçdi. Geçen möwsümde “Bawariýa” toparynyň düzüminde 24 duşuşykda oýnap, 3 gezek tapawutlandy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

“Nýu-Ýork” 53 ýyldan soňra NBA-nyň çempiony boldy

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

“Forbes”: dünýä çempionatyna gatnaşýan iň köp girdeji gazanýan 11 futbolçy

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi