SPORT

Türkmen futbolçysy «Kitçiniň» düzüminde Gonkongyň çempiony boldy

«Kitçi» futbol topary ýerli çempionatyň soňky duşuşygynda «Li Man Uorriors» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, Gonkongyň çempiony boldy.

Şeýlelikde, bu toparyň düzüminde çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow hem çempionlyk derejesine mynasyp boldy.

Gonkongyň futbol çempionatynyň tamamlanan möwsüminde birbada üç oýunçynyň iň netijeli futbolçy diýen ada eýe bolandygyny bellemek gerek.

Bu abraýa 17 topdan geçiren Ruslan Mingazow (“Kitçi”), Deýan Damýanowiç (“Kitçi”) hem-de «Li Man Uorriorsyň» braziliýaly hüjümçisi Ewerton Kamargo eýe boldular.

«Kitçi» şu ýylyň ýanwar aýynda Ruslan Mingazow bilen 2025-nji ýyla çenli şertnamasyny täzeledi.

 

Related posts

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi futbol boýunça dünýä çempionatyndan 3,3 milliard dollar girdeji alar

Ata Watan Eserleri

“Bawariýa” 30-njy çempionlygyny gazandy

Argentina-Fransiýa finaly: täze rekordlara garaşylýar

Leave a Comment