DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Irlandiýa howanyň üýtgemegine garşy göreşi güýçlendirer

Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda Irlandiýanyň Hemişelik wekili Fergal Miten bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda BMG-nyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, parahatçylygy goraýyş amallaryna gatnaşmagy güýçlendirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş we suw baýlyklaryny dolandyrmak meselelerinde konstruktiw pikir alyşma geçirildi.

Ilçiler Türkmenistan bilen Irlandiýanyň bitarap döwletler we Bitaraplyk dostlary toparynyň agzalary hökmünde halkara gatnaşyklaryna, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge aýratyn üns berýändiklerini bellediler.

Related posts

The presentation of the book of the President of Turkmenistan

vepa

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Kataryň Şura Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

Berlinde “C5+1” döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti meýilleşdirilýär

Leave a Comment