SPORT

Sportdan gyzykly habarlar…

“Mançester Ýunaýted” topary Angliýanyñ Saglygy goraýyş merkezine kömek etmekçi bolýar. Topar haýyr-sahawat gaznasyna öz ulaglaryny wagtlaýynça ulanmaga berer. Ýunaýted 16 awtoulagyndan daşary, saglygy goraýyş merkeziniñ işgärlerine, sanitar lukmanlaryna ýörite 3.500 sany sowgatlaryny ugratdy.

***

Angliýanyñ “Mançester Ýunaýted” we Italiýanyñ “Ýuwentus toparlary” Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyñ ýarymgoragçysy Hames Rodriges bilen gyzyklanýar. Soňky döwürde 28 ýaşly ýarymgoragçy “Real Madrid” toparynda köp tejribe alyp bilmeýär, ýagny duşuşyklara köp çykmaýar. Hames “Real Madridda” 13 oýunda oýnap, 2 gezek ýardam pasyny, 1 gol geçirmegi başardy. Takmynan oýunçynyñ bahasy 40 million ýewro barabar bolup biler. Şeýle hem kolumbiýaly oýunçy bilen “Napoli” we “Ewerton” toparlary hem gyzyklanýar. Hames öň hem “Real Madrid” toparynyň oýunçysy döwründe Germaniýanyň “Bawariýa” toparynda kärendesine berlipdi.

***

“Arsenalyñ” goragçysy Hektor Bellerin öz futbol ýoluny Italiýada dowam edip biler. “Arsenal” bu oýunçy üçin gowy teklip etseler, onda oýunçyny satmaga razylyk berer. “Arsenalda” Bellerin 13 oýuna çykdy we 2 gezek ýardam pasyny, 1 gol geçirmegi başardy.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi