Türkiýäniň Stambul şäheriniň häkimi Ali Ýerlikaýa tapgyrlaýyn iş tertibi barada maglumat berdi. Resmi we hususy bilim ojaklarynyň 1-nji synpynda, mekdebe çenli başlangyç synpynda hem-de hususy bilim edaralarynyň başlangyç hem-de 1-nji synpyna barýan okuwçylaryň 21-nji sentýabrda sagat 9:00-da okuwa başlarlar. Ikinji hepde okuwçylaryň sapaklarynyň başlanjak wagty 9:30-da bolar.
Tutuş adamzada howp salýan koronawirusa garşy jemgyýetiň saglygyny goramak maksady bilen Türkiýede we Stambulda köp işleriň edilýändigine ünsi çeken Ýerlikaýa Stambulda iýun aýynyň ahyryndaky maglumata görä, 5 million 225 müň işçiniň bardygyny, pandemiýadan öň gündelik ýolagçy sanynyň 7,6 milliona, häzirki döwürde munuň 4,1 milliona çenli azalandygyny belledi.
Häkim Stambulda jemgyýetçilik ulaglarynda irden sagat 7:00 hem-de 9:00-da hem-de agşam sagat 17-20:00-da dyknyşygyň bolýandygyny belläp, bu wagtlarda duralgalarda, menzillerde we jemgyýetçilik ulaglarynda raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen gündelik iş tertibinde täzelikleriň girizilendigini belledi.
Ýerlikaýa tapgyrlaýyn iş tertibine görä, 28-nji sentýabrdan başlap, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri 08:30-16:30 aralygynda işlejekdigini, şäher we etrap häkimlikleriniň iş sagady 08.00-16.30, beýleki döwlet edaralarydyr kärhanalaryň iş wagty 09.00-16.30 aralygynda boljakdygyny belledi.
Senagat pudagynyň iş tertibi barada degişli hususy pudagyň wekilleri bilen gepleşikler dowam edýär. Şondan soňra olaryň iş tertibi barada goşmaça maglumat berler.
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!