JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri iki döwletiň başlangyçlarynyň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde özara goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.

Bu ugurda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň, şonuň ýaly-da iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň ilkinji tapgyrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.

Ministrler şeýle-de koronawirus ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de epidemiýa wehimlerine garşy ählumumy tagallalaryň netijeli gurallarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy dogrusynda pikir alyşdylar.

Dürli ugurlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugry boýunça özarahereketleriň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi