JEMGYÝET

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu desgalary işe girizmek boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki iş toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmendemirýollary” döwlet agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Serhet, Gümrük gulluklarynyň, şeýle hem beýleki degişli edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda agzalan desgalaryň işleýiş kadalary, onuň üsti bilen ýükleriň göni ýagdaýda geçirilmeginiň düzgünleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda duşuşyk

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär