Azerbaýjan halkynyň Milli Lideri Geýdar Alyýewiň doglan gününiň 102 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki “Ýdyldyz” myhmanhanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Geýdar Aliýew – energetika diplomatiýasy: Ýaşyl dünýä üçin raýdaşlyk” atly maslahaty geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary gatnaşdy.
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow maslahatda eden çykyşynda Geýdar Aliýewiň häzirki Azerbaýjanyň esaslandyryjysy hökmünde ýurduň energitika syýasatynyň esaslaryny kesgitländigini we Azerbaýjanyň dünýä energetika bazaryndaky möhüm ornuny eýelemeginde aýgytly rol oýnandygyny aýtdy.
Gismat Gozalow Geýdar Alyýewiň başlangyjy bilen “Asyryň şertnamasyna” gol çekilmegi bilen nebit strategiýasynyň düýbüniň tutulmagy Azerbaýjanyň ykdysady we syýasy kuwwatyny güýçlendirmek üçin hyzmat edendigini ýatlatdy. Onuň sözlerine görä, Geýdar Aliýewiň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen Baku-Tbilisi-Jeýhan, Baku-Tbilisi-Erzurum we Baku-Supsa ýaly halkara energetika taslamalary Azerbaýjanyň energetika howpsuzlygyndaky global ähmiýetini artdyrdy we ýurdy ygtybarly hyzmatdaşlyga öwürdi. Şeýle hem, Geýdar Aliýewiň energiýa syýasatynda daşky gurşaw howpsuzlygy we energiýany diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine berýän ähmiýetiniň bu gün Azerbaýjanyň “ýaşyl energetika” ugrunda ösmegi üçin berk binýady döredendigini aýtdy.
“COP29” maslahatyna degip geçen ilçi Gismat Gozalow Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň goldaw berýändigini aýtdy. Gismat Gozalow öz çykyşynda Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde global we sebit hyzmatdaşlygyndaky roluny agzap geçip, COP29-yň çarçuwasynda Merkezi Aziýa ýurtlary we Türk Döwletleri Guramasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.
Azerbaýjanyň ilçisi Azerbaýjan we Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyna ünsi çekip, iki ýurduň hem nebit we tebigy gaza baýdygyny, şunuň bilen bir hatarda metanyň zyňyndy borçnamalaryna ygrarly galýandyklarynyň we howanyň üýtgemegi taslamalaryna goşant goşýandyklarynyň aýtdy. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda ýaşyl energetika ugrunda möhüm ädimleriň ädilendigini aýratyn belläp geçdi.
Maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok, Beýik Britaniýa ilçisi Stefan Konlon we Gazagystanyň ilçisi Nurlan Nogaýew, şeýle hem BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-nyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, “Çalyk Enerji” kärhanasynyň wekili Ahmet Anyl Alyşbah çykyş etdiler. Şol bir wagtyň özünde, konferensiýanyň çäginde Azerbaýjan milli wekili deputaty we ADA uniwersitetiniň prorektory Fariz Ismaýilzadanyň wideo çykyşy hem görkezildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ähli ugurlarda, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürýändigini belledi.
Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok hem öz çykyşynda Azerbaýjanyň energetika pudagynda gazanan üstünlikleri, Azerbaýjan bilen Türkiýäniň hem-de Tükrmenistan bilen Türkiýäniň energetika babatda ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny belledi.
Maslahatyň dowamynda Azerbaýjanyň alternatiw energetika pudagyndaky durmuşa geçirilen taslamalary, şeýle hem COP29-da gazanylan üstünlikler barada wideolar görkezildi.
TÜRK ILÇISI: TÜRKMENISTAN BILEN ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYMYZY ÖSDÜRÝÄRIS
Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok “Ata Watan Media” toparyna beren beýanatynda energetika pudagynyň dünýäniň esasy gün tertibindäki meseleleriň bir bolup durýandygyny belledi. Ilçi Azerbaýjanyň nebit babatda uly ösüşler gazanan ýurtdygyny belläp, Azerbaýjanyň energetika we “ýaşyl” energetika ulgamynda gazanan üstünlikleri barada maslahatda çykyşlaryň edilendigini belledi.
Şeýle hem ilçi Ahmet Demirok Türkiýäniň Azerbaýjan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk edýändigini, Azerbaýjandan satyn alynýan nebitiň we tebigy gazyň Türkiýäniň içerki zerurlyklary üçin sarp edilýändigini hem-de galan böleginiň eksporta ugradylýandygyny belledi.
Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok şol bir wagtda Türkiýäniň Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny ösdürýändigini belledi.
– 30 ýyllyk arzuwymyz hasyl boldy. 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda gol çekilen ylalaşygyň esasynda ilkinji gezke Türkmenistanyň tebigy gazy 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan Türkiýä iberilip başlandy. Bu taryhy waka, energetika hopwsuzlygy babatda hem örän uly ähmiýete eýedir – diýip, ilçi “Ata Watan Media” toparyna beren beýanatynda belläp geçdi.
Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin esasda ösdürmegi maksat edinýäris. Hazarüsti gaz geçirijisi bilen Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä we soňlugy bilen Ýewropa ibermegi maksat edinýäris, diýip Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok aýtdy.
Şeýle hem maslahata gatnaşan “EU Reporter” we “Bruxelles Korner” halkara neşirleriň habarçysy hem-de şol bir wagtda daşky gurşaw boýunça hünärmen Derýa Soýsal “Ata Watan Media” toparyna beren beýanatynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ygtyarly hyzmatdaş döwletler bolup durýandygyny we şonuň üçin “ýaşyl” energeitka babatda hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda örän uly mümkinçilige eýedigini belledi.