Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu merkez diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň tehnologiýalaryny özünde jemläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny has-da berkitmäge goşant goşar.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän Stomatologiýa merkezine geldi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryndan ugur alyp, Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, merkeziň gurluşyk işlerine Milli Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyklar tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Täze Stomatologiýa merkezi islendik ýaşdaky raýatlara stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda lukmançylyk işlerini dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy.
Merkez maddy-tehniki binýady, häzirki zaman anyklaýyş mümkinçilikleri bilen tapawutlanyp, stomatologik, bedeniň äň-ýüz böleginiň kesellerini, şikeslerini anyklamak, öňüni almak we döwrebap bejermek üçin niýetlenendir. Merkez dolandyryş ulgamyndan, ýatymlaýyn we gatnawly kliniki bölümlerden, hojalyk-tehniki, elektron barlaghana toplumlaryndan ybarat bolup, ýüz tutýan raýatlaryň elektron resminama dolanyşygy arkaly sanly maglumatlary ýöredilip, ol ýöriteleşdirilen monitoring maksatnamalary arkaly dolandyrylar.
Hasabatyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň bölümleri barada durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde kabul ediş otaglary, şol sanda gaýragoýulmasyz kabul ediş bölümi bolup, operasiýa, gije-gündiz işleýän stomatologiýa bejeriş otaglary bilen üpjün edilendir. Şeýle-de şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, kliniki barlaghana, funksional anyklaýyş, birnäçe operasiýa otagly operasiýa we sterilizasiýa, anesteziologiýa, reanimasiýa, fizioterapiýa bölümleri, dermanhana otaglary bar. Döwrebap enjamlar toplumy emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan seljerme geçirip, äň-ýüz böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow şeýle döwrebap tehnologiýaly täze Stomatologiýa merkezini gurduryp berendigi hem-de merkezde sanly ulgama esaslanýan innowasion mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýakynlaşyp gelýändigini aýdyp, Stomatologiýa merkezini olaryň hünär baýramçylygy mynasybetli açyp ulanmaga bermäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
