Bir adam ýekşenbe güni bir hepdäniň ýadawlygyny çykarmak üçin ir säher bilen gazetini eline alyp, uzakly gün hiç zat etmän öýde oturmagy meýilleşdiripdir.
Şol pursat ogly ylgap gelip, seýilgähe haçan gitjeklerini sorapdyrlar. Kakasy oglyna söz beren eken. Emma kakasy daşary çykmak islemändir. Gazetiň arkasyndaky dünýä kartasyna gözi düşüpdir. Öňürti kartany bölek-büçek edipdir we ogluna: ,,Eger bu kartany düzetseň, seni seýilgähe alyp giderin’’, diýipdir. 10 minutdan soňra ogly kakasynyň ýanyna ylgap gelipdir we:
- Kaka, kartany düzetdim, indi seýilgähe gideris.
Kakasy ilkibada ynanmandyr. Seretse, karta düzülendi. ,,Nähili başardyň?’’ diýip sorapdyr. Oglynyň beren jogaby täsindi:
- Kartanyň arkasynda bir adam bar eken. ADAMY DÜZETDIM, DÜNÝÄ ÖZ-ÖZÜNDEN DÜZELDI.
Terjime eden Jennet Bäşimowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby