BILIM

Russiýada okaýan türkmen talyplaryna hoş habar

Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan 27 müňden gowrak türkmenistanly talyba ýa-da indi okamak isleýänlere hoş habar: ýurtda bilim alýan daşary ýurtly talyplar mundan beýläk okuwyň daşyndan işläp, goşmaça girdeji gazanyp bilerler. Olardan ýörite rugsatnama ― patent talap edilmez.

5-nji awgustdan güýje giren bu üýtgeşme gözbaşyny Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrligi tarapyndan kabul edilen karardan alyp gaýdýar.

Okuwdan daşary işlemek bilen bagly täze üýtgeşmeler diňe talyplyk ýyllarynda Russiýada galyp okaýan daşary ýurtlar üçindir. Gaýybana okaýan talyplar bu mümkinçilikden peýdalanyp bilmez. Iş beriji bilen şertnama baglaşmak üçin olaryň okaýan ýerinden kepilnama talap edilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebi döwlet tarapyndan bellige alnan bolmaly.

Eger talyp-hünärmen işde özüni görkezip bilse, okuwyny tamamlansoň, doly wezipeli hünärmen hökmünde onuň bilen täze şertnama baglaşylar we döwlet tarapyndan zerur kömekler berler.

Ýeri gelende aýtsak, häzir Russiýada 241 müň çemesi daşary ýurtly talyp okaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy