“Universal Pictures” kompaniýasy Tom Kruzyň kosmos baradaky filmi üçin 200 million dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär. Ady entek belli bolmadyk bu film üçin aktýor Tom Kruz hakykatdan hem kosmosa giňişligine gider.
Meýilnama laýyklykda, filmiň hereketleriniň iň bolmanda bir bölegi Ýer şarynyň daşynda surata düşürmek göz öňünde tutulýar.
Bu filmiň üstünde iş alnyp barylýar. Onuň býujetiniň artmagyna garaşylýar. Tom Kruz bilen öň işlän režissýor, ssenarýasy we prodýuser Dag Lagman hem-de prodýuser Kristofer MakKuorri täze filmi döretmek babatda degişli işleri geçirýärler. Tom Kruz şol bir wagtyň özünde bu filmi döredijileriň hatarynda bolar.
Şeýle hem neşiriň habar bermegine görä, kosmosda surata düşüriljek ilkinji filmi döretmäge amerikaly işewür hem-de “”Space X” kosmos ugrunda iş alyp barýan kompaniýasy bolan Ilon Maskyň hem goldaw bermegine garaşylýar.
Tom Kruz «Mümkin däl tabşyryk» («Mission:Impossible») filmi bilen uly meşhurlyk gazandy. Onuň 6 filmiň býujeti 828 million dollara deň boldy. Bu filmleriň gazanan girdejisi bolsa 3,5 milliard dollara deň boldy. Häzirki wagtda bu filmiň 7-njisiniň 2021-nji ýylda görkezilmegine garaşylýar. Bu film koronawirus pandemiýasy sebäpli yzy süýşürildi.