DÜNÝÄ

Tom Kruzyň kosmos filmi üçin 200 million dollar

“Universal Pictures” kompaniýasy Tom Kruzyň kosmos baradaky filmi üçin 200 million dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär.  Ady entek belli bolmadyk bu film üçin aktýor Tom Kruz hakykatdan hem kosmosa giňişligine gider.

Meýilnama laýyklykda, filmiň hereketleriniň iň bolmanda bir bölegi Ýer şarynyň daşynda surata düşürmek göz öňünde tutulýar.

Bu filmiň üstünde iş alnyp barylýar. Onuň býujetiniň artmagyna garaşylýar. Tom Kruz bilen öň işlän režissýor, ssenarýasy we prodýuser Dag Lagman hem-de prodýuser Kristofer MakKuorri täze filmi döretmek babatda degişli işleri geçirýärler. Tom Kruz şol bir wagtyň özünde bu filmi döredijileriň hatarynda bolar.

Şeýle hem neşiriň habar bermegine görä, kosmosda surata düşüriljek ilkinji filmi döretmäge amerikaly işewür hem-de “”Space X” kosmos ugrunda iş alyp barýan kompaniýasy bolan Ilon Maskyň hem goldaw bermegine garaşylýar.

Tom Kruz «Mümkin däl tabşyryk» («Mission:Impossible») filmi bilen uly meşhurlyk gazandy. Onuň 6 filmiň býujeti 828 million dollara deň boldy. Bu filmleriň gazanan girdejisi bolsa 3,5 milliard dollara deň boldy. Häzirki wagtda bu filmiň 7-njisiniň 2021-nji ýylda görkezilmegine garaşylýar. Bu film koronawirus pandemiýasy sebäpli yzy süýşürildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy