SPORT

“Zenit” – Russiýanyň kubogynyň eýesi

25-nji iýulda “Zenit” Russiýanyň kubogynyň finalynda “Himki” toparyny ýeňdi. Şeýlelikde, “Zenit” topary hem çempion hem-de ýurduň kubogy gazanyp, 2 altyn medala eýe boldy.

“Zenit” taryhda bäşinji gezek ýurduň kubogyny aldy. Topar ozal 1944-nji, 1999-njy, 2010-njy we 2016-njy ýyllarda kubogyň eýesi boldy. Mundan başga-da, “Zenit” bir ýylda ýurduň çempionlygy we kubogy gazandylar. Bu ýagdaý toparyň taryhynda 2010-njy ýyldan soň ikinji gezek bolup geçdi.

2020-nji ýyldaky Russiýa kubogy “Zenitiň” taryhynda 20-nji kubogy boldy. “Zenit” ýedi gezek ýurduň çempiony, milli kubogyň bäş gezek ýeňijisi, super kubogyň bäş gezek ýeňijisi, şeýle hem “Premýer-liganyň” kubogy we UEFA Super kubogyny gazandylar.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy