Şu ýylyň 26-njy maýynda Ukrainanyň Karpati daglarynda gar ýagdy ― diýip, ýerli metbugat habar berýär.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet hyzmatlary guramasynyň habaryna görä, garyň galyňlygy 10 ― 15, käbir ýerlerde bolsa 30 ― 40 santimetre çenli ýetýär.
Guramanyň bu barada beren habarynda şeýle diýilýär:
― 26-njy maý güni Pop Iwan Çernogoriýa şäherinde gündiz sagat 9:30 töwereklerinde howanyň derejesi -2 gradusa çenli sowady. Şemalyň tizligi bolsa sekuntda 5 metre çenli ýetdi. Bulutly howa we goýry ümür sebäpli, 50 metrden aňry aralyk görünmedi.