DÜNÝÄ

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy: täze agzalar kabul ediler

20 ýyl mundan ozal döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýübileý sammiti Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirildi.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmanyň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitde gurama agza döwletleriň durnukly ösüşi, guramanyň çäklerinde durnuklylygyň üpjün edilmegi, şeýle hem dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitiň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary tarapyndan birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şol resminamalaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geografiýasynyň, agzalarynyň, dialog boýunça hyzmatdaşlarynyň sanynyň köpeldilmegi boýunça ylalaşyklar bar.

Ozal guramanyň synçy agzasy bolan Eýran Yslam Respublikasynyň guramanyň doly hukukly agzasy bolmagy üçin degişli işler ýola goýlar.

Katar döwleti, Müsür Arap Respublikasy we Saud Arabystany Patyşalygyna dialog boýunça hyzmatdaşy derejesini bermek baradaky resminamalar kabul edildi.

Häzirki wagtda ŞHG-niň agzalary 8 ýurt: Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan. Birleşigiň işine dört synçy ýurt (Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa) we alty sany dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlar (Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka) gatnaşýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýubileý sammitine gatnaşdy

 

Related posts

Aşgabat Pekinde geçirilen halkara syýahatçylyk sammitinde tanyşdyryldy

Türkmen Lider sporda yeni hedefler belirledi

vepa

Putin bilen Trampyň telefon söhbetdeşligi: özara duşuşyk Saud Arabystanyda bolup biler

Ata Watan Eserleri