DÜNÝÄ

Tailandda koronowirusyň waksinasy synag edilýär

Tailandyň Çulalongkorn uniwersitetiniň lukmançylyk merkezi SARS-CoV-2 koronowirus waksinasyny syçanlarda synagdan geçirip gördi.

«Bu synag örän üstünlikli geçdi» diýip, onuň netijesi barada ýurduň döwrebap bilim, saglyk we innowasiýalar ministri Suwit Mesinsi metbugata beren beýanatynda aýtdy.

― Waksinany adamlarda-da synag geçirip görmegi meýilleşdirýäris. Biz iň dogry waksinany basymdan-basym ýüze çykaryp bütin dünýäni bu dertden halas etmäge gatnaşmak isleýäris ― diýip, ministr öz çykyşynda aýtdy.

Ýöne indiki tapgyrdaky synag maýmynlarda geçiriler. Şondan soň isleg bildiren adamlar waksinany özünde synag edip görüp bilerler.

― Häzir ABŞ-da we Kanadada Tailand waksinasyndan ugur alnyp işler dowam edýär. Eger işler ugruna bolsa, ýylyň ahyryna çenli waksina taýýar bolar ― diýlip, ministriň çykyşynda aýdylýar.

Ýene-de okaň

Gazagystanda 2026-njy ýyl “Sanlylaşdyrma we emeli aň” ýyly diýlip yglan edildi

Tokioda auksionda tunes balygy $3,2 milliona satyldy

Azerbaýjan 2026-njy ýylda birnäçe halkara çäreleri kabul eder

Nýu-Ýorkuň häkimi Mamdani kasam kabul etdi

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklygy kabul etdi

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy