JEMGYÝET

Emeli göz adaty gözden has ýiti bolar

Gonkongyň Saglyk we tehnologiýalar uniwersitetiniň inženerleri bionik gözi işläp düzdüler. Häzirki wagtda ol ylmy synaglardan geçirilýär. Eýýäm käbir synaglaryň netijesi emeli gözüň adaty gözden has ýiti görýändigini görkezdi.

Emeli göz üç ölçegli gurluşyň miwesidir. Işläp taýýarlan toparyň aýtmagyna görä, oňa damar hökmünde ýerleşdirilen simler sagdyn işleýşini üpjün edýär. Ýörite kompýuterler arkaly gözüň işleýşine gözegçilik edilýär.

Aýdylyşyna görä, emeli göz bilen garaňkylykda hem zatlary kynçylyksyz saýgaryp bolar. Muňa onuň düzümindäki infragyzyl şöhleleri goýberiji ulgam mümkinçilik berer.

Emeli gözüň her inedördül santimetrinde 460 million nano ölçegli sensor ýerleşdirilendir. Adamyň öz gözünde bolsa bu netije 10 milliona deňdir. Alymlar bionik gözi geljekde adamyň görüşini ýitileşdirmek üçin ulanmakçy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Türkmenistan’ın spor inisiyatifleri BM gündeminde

vepa

Mejlisiň Başlygy zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri