JEMGYÝET

Antraktidada ot gögerýär

Ýer ýüzünde howanyň global maýlamagy Antraktidanyň garlyklarynda ýaşyl suw otlarynyň peýda bolmagyna getirdi. Bu barada «Science Daily» neşiri habar berýär.

Maglumatlarda aýdylyşy ýaly, Kembrij uniwersitetiniň we Beýik Britaniýanyň Antraktida boýunça iş alyp barýan alymlary, takmynan, 2 inedördül metr meýdanda 1700-e ýakyn suw otlaryna gabat geldiler. Olar guşlaryň we pingwinleriň ýaşaýan ýerlerinde has köp gabat gelýär.

Eger-de howanyň maýlamagy we gyzmagy dowam etse, ýakyn ýyllarda Antraktidanyň bir bölegi gardan «arassalanar». Belki Antraktida ýaly buzly yklymda tokaý emele gelip biler.

Related posts

Milli Liderimize Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwer kömegi iberilmegi dowam edýär