DÜNÝÄ

Türkmenistanda Russiýadaky saýlawlar üçin 2750 adam ses berdi

Russiýada geçirilen Prezident saýlawlary üçin Türkmenistanda hem ses berişlik gurnaldy. Türkmenistanda bu saýlawlar üçin 2750 adam ses berdi. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanda Russiýadaky Prezident saýlawlary üçin 5 sany saýlaw uçastogy döredildi. Olar Aşgabat, Da;oňuz, Mary, Türkmenabat hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde ýerleşdirildi. Russiýanyň ilçihanasy öz raýatlaryna bu saýlaw uçastoklaryna baryp, ses bermäge işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Russiýanyň ilçihanasy saýlawlar üçin döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Hökümetine hem öz hoşallygyny bildirdi.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň sanawynda onlarça müň adam bar. 2018-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Türkmenistanda 4 müň saýlawçy ses beripdi.

Related posts

TOPH gaz geçirijisi: türkmen-hindi we türkmen-pakistan pudagara topary dörediler

Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkiýeli işewür Ahmet Çalyk “Arkadag” medaly bilen sylaglandy