TEHNOLOGIÝA

Hemme ýeri ekran bolar

«Xiaomi» kompaniýasy adaty bolmadyk smartfony öndürmek üçin rugsatnama aldy. Has takygy, täze telefonyň ekrany gapdal düwmelerine, metal korpusa çenli uzaýar. Bu barada «Hi-Tech.Mail.ru» habar berýär.

Durşuna ekran bolup duran täze smartfon dogry burçlar esasynda taýýarlanylypdyr. Ähli goşmaça maglumatlar bolsa gapdal ekranda peýda bolýar. Onda samrtfonyň batareýasynyň güýçji, signal we beýleki zatlar görkezilýär.

Mahlasy, gözümiň öwrenşenlerinden üýtgeşik täze samrtfon öňümizdäki ýyllarda satlyga çykarylar. Onuň tehnologiýa dünýäsine üçin üýtgeşik täzelik bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi