TEHNOLOGIÝA

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

Emeli aň tehnologiýasynyň kem-kemden giň gerimde ulanylyp başlanan döwründe Hytaýda bu tehnologiýanyň gurallary bilen taýýarlanan 26 bölümden ybarat multfilm seriýasynyň birinji bölümi ýaýlyma berildi.

Döwlet teleýaýlymlary we radioýaýlymlaryny özünde jemleýän Hytaýyň media topary (CMG) Şanhaý emeli aň laboratoriýasy bilen bilelikde taýýarlan “Sýansýu Şisong” atly multfilmi görkezilip başlandy.

Çeper dizaýndan animasiýa we önümçilikden soňky işlere çenli emeli intellekt bilen taýýarlanan multfilm seriýasy bu manyda ýurtda ilkinji bolup durýar.

Önümçilikde ABŞ-nyň “OpenAI” emeli intellekt kompaniýasy tarapyndan işe girizilen tekstden wideo öndürýän “Sora” ulgamyna meňzeş gurallar ulanyldy.

 

 

Related posts

Çipden soň magniý ýetmezçiligi

“Google” lukmanlaryň ýazuwyny okaýan aýratynlygy işläp düzýär

Täze elektron önümler: Telefon, router, kompýuter we split

Ata Watan Eserleri