TEHNOLOGIÝA

Satuwyň ilkinji minutlarynda 42 million dollar gazandy

Bilşimiz ýaly, golaýda size «Honor» kompaniýasynyň teze telefonlarynyň satuwa çykaryljakdygy we olaryň tehniki aýratynlyklary barada habar beripdik. Bu kompaniýa birbada “Honor 30” telefonlaryň 3 görnüşini (“Honor 30”, “Honor 30 Pro” we “Honor 30 Pro+”) 425 bilen 850 dollar aralygynda satuwa çykardy. Hytaýyň bu kompaniýasy şu gün “Wiebo” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan telefonlary satuwa çykaryldy. Dürli riteýlerler arkaly bir minutyň dowamynda 300 million ýuan (42 mln$) möçberinde satuw amala aşyryldy.

“Honor 30” modeli, iň soňky “Kirin 985” prosessoryna esaslanýar. Enjamda “Full HD +” (2400 × 1080 piksel) durulykly 6.53 dýuým OLED ekrany bar, 6 ýa-da 8 GB RAM, şeýle hem 128 ýa-da 256 üçin fleş disk bar.

“Honor 30 Pro”, tegelek gyralary bilen 6.57 dýuýmlyk AMOLED ekrany, 2340 × 1080 piksel durulygy we 90 Hz täzelenme tizligi bilen enjamlaşdyrylan Kirin 990 5G prosessoryny ulanýar. Enjam 8 Gb RAM, şeýle hem 128/256 GB fleş ýady bar.

“Honor 30 Pro +” seriýasy Kirin 990 5G bilen işleýär, tegelek gyralary, Full HD + durulygy (2340 × 1080 piksel) we 90 Hz täzelenme tizligi bilen 6.57 dýuýmlyk AMOLED ekrany bar, şeýle hem esasy 50 megapiksel kamerany hödürleýär. 8/12 Gb RAM we 256 GB fleş diski bar.

Şu ýerde mart aýynyň ahyrynda hödürlenip, apreliň başynda satuwa çykarylan “Honor30S” telefonynyň satuwy çykarylmagy bilen aradan geçen birnäçe sekundyň dowamynda 14 million dollarlyk girdeji gazanylandygyny hem bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi