SIZDEN GELENLER

Taryhy okatmakda işjeň usullardan peýdalanmagyň ähmiýeti

Taryhy okatmak beýleki sapaklary okatmakdan düýpli tapawutlanýar. Orta mekdeplerde taryh sapagyny okatmak uly ähmiýete eýe. Taryhy öwrenmek bilen, okuwçylar taryhy bilimleri, düşünjeleri öwrenýärler  we pikirlenmek, döwürleri tapawutlandyrmak, derňew etmek, çykyş etmek, görkezmek, döredijilikli işlemek endiklerini ösdürýärler.

Mugallym okuwçylara taryhy netijeli öwredip  bilse, onda okuwçylaryň watansöýüjilik duýgusynyň artmagyny, giň dünýägaraýyşly, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegini, dünýäde bolup geçýän wakalara akyl ýetirip biliş ukybynyň ösmegini, öz öňlerinde maksat goýup geljekde öz saýlap alan hünärleriniň hakyky eýesi bolup ýetişmeklerini gazanyp biler. Şol sebäpli taryh mugallymy her bir geçiljek sapaga ykjam taýýarlyk görmelidir.

Okuwçylara taryh sapagyny okatmaga girişmezden ozal, olara bu temany  näme üçin öwrenýändiklerini sada dilde, olaryň ýaş we indiwidual aýratynlyklaryna, gyzyklanmalaryna laýyklykda düşündirmegi başarmalydyr. Munuň üçin mugallymyň ussatlygy zerurdyr. Her bir sapagyň öňünde goýlan anyk maksatlary, wezipeleri bolmalydyr.

Sapagyň dowamynda okuwçylara: “Men bu temany näme maksat bilen öwrenýärin? Öwrenýän bu maglumatlarymyň maňa nirede peýdasy deger? Haýsy meseläniň çözgüdini tapmakda men bu bilimlerden peýdalanyp bilerin?” diýen ýaly soraglara jogap tapmaga kömek etmeli. Her sapagyň başynda öwreniljek temany okuwçylaryň haýsy işlerinde peýdalanyp biljekdiklerini düşündirmeli. Sapagyň temasy we maksady bilen okuwçylaryň islegleri, maksatlary arasynda baglanyşygy tapmagy başarmalydyr[2]

“Üns bermek”, “Düşünmek”, “Gatnaşmak” bularyň hemmesi biri-biri bilen baglanyşyklydyrlar. Mugallym okuwçylaryň sapaga düşünmegini we gatnaşmagyny gazanmak üçin, ilki bilen, olaryň ünsüni sapaga çekmegi başarmaly. Mugallymy üns bilen diňleýän okuwçy sapakda gürrüň edilýän temanyň mazmunyny,  temany öwrenmegiň ähmiýetini düşünip biler. Özüniň pikirlerine, düşünjelerine ynamy bolmadyk okuwçy hiç haçan sapaga gatnaşmak islemez. Şonuň üçin okuwçylaryň ünsüni çekmek, tema düşünmeklerini gazanmak, sapaga gatnaşygyny işjeňleşdirmek üçin, hemme zatdan öňürti okuwçylara ynam berýän sosial we psihologik atmosferanyň döredilmegi zerurdyr. Bu atmosferany döretmek bolsa, mugallymyň öz elindedir. Bu meseläni çözmekde mugallyma biziň hödürleýän 4N, 1K, 2H, 1Eformulamyz kömek edip biler diýip pikir edýäris.

Munuň düşündirilişi şeýle: Näme?, Nirede?, Näme üçin?, Nähili?, Kim?, Haçan? Haýsy?, Eger…sorag sözleri bilen başlaýan soraglary okuwçylara berip, olaryň sapaga bolan ünslerini çekmek mümkin. Bu soraglar ilki bilen okuwçylaryň ünsüni özüne çekýär, soňra sapaga düşünmeklerine we gatnaşmaklaryna iterýär[3].

Taryh sapagynda şu formuladan peýdalanmak arkaly okuwçylaryň dünýäde bolup geçýän syýasy we ykdysady wakalara akyl ýetirip biliş ukybynyň ösmegini gazanmak mümkin.  Mysal üçin, olara şeýle soraglar bilen ýüzlenip bileris; “Hany pikir edip görüň! Beýik Seljukly Soltany Alp Arslanyň Malazgirt söweşinde gazanan iň uly üstünligi näme? Sarahs söweşinde Gowşut han nähili diplomatik usuly peýdalanmak arkaly Hywa hanyna garşy söweşde ýeňiş gazandy? Ýaponiýanyň ykdysady kuwwatynyň syry nämede?  Nähili ýol bilen Günorta Koreýa, Tailand, Singapur, Malaýziýa ýaly döwletler “Aziýa gaplaňlary” derejesine ýetip bildi? Dünýäde ýaşaýşyň üýtgemegine goşant goşan beýik şahsyýetler kimler?” şu we şuňa meňzeş soraglary taýýarlamak arkaly mugallym okuwçylaryň pikirlenip biliş ukyplarynyň ösmegine, sapaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna,  sapaga işjeň gatnaşmaklaryna ýardam edip biler.

Taryh sapaklarynda okatmagyň işjeň usuly okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny, bilesigelijiligini, höwesini artdyrmaga ýardam berýär. Şulary nazarda tutup, okuwçylaryň bilimleri çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak üçin mugallymyň döredijilikli zähmet çekmegi, okatmagyň netijeli usullaryny ulanmagy möhümdir.

EDEBIÝATLARYŇ SANAWY

  1. 1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. –Aşgabat.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy,2017, 4 s.
  2. 2. Кларин М.В. Интерактивное обучение – инструмент освоения нового опыта / М.В.Кларин// Педагогика. – 2000.- №7. – с 7-12
  3. 3. Dr Asofou So’o. A guiede for teachers teaching history for the first HistoryCOPs, Printed in Brisbane, Australia,2003.

Важность использования активных методов в преподавании истории

В статье говориться о важностипреподавания предмета история в средних школах для воспитания учеников в духе патриотизма, расширения их кругозора. Особое внимание в достижении поставленной цели урока уделяется профессиональномумастерству преподавателя. Отмечается важность выбора метода преподавания, соответствующего теме урока. Предлагается использовать формулу «4N, 1 K, 2 H, 1 E» для повышения интереса учеников к уроку.

Вцелом, в статье рассматриваются вопросы, связанные с важностью использования активных методов на уроках истории, необходимостью творческого подходапреподавателя к работе для обеспечения углубленного освоения знаний учениками, а также значением применения эффективных методов преподавания.

Importance of using active methods in teaching history

The article discusses the importance of teaching history at general educational schools for the education of schoolchildren in the spirit of patriotism, broadening their outlook. Particular attention in achieving the set goal of the lesson is paid to the teacher’s professional skill. Significance of choosing a teaching method corresponding to the topic of the lesson is specified. It is proposed to use the formula “4 N, 1 K, 2 H, 1 E” to increase the pupils’ interest in the lesson.

In general, the article considers issues related to the importance of using active methods in the history classes, the need for a teacher’s creative approach to work to ensure the in-depth acquiring of knowledge by students, as well as the significance of applying effective teaching methods.

Saýýara Kadyrowa, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.

Şirinjan Ahmedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady