SPORT

“Barselona” Neýmar üçin Grizmanny hödürleýär

Ispaniýanyň «Barselona» topary ozalky bu toparda çykyş eden we häzir Fransiýanyň PSŽ toparynda oýnaýan braziliýaly Neýmary yzyna getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Sky Sports” neşiri habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, katalon topary Neýmar üçin 55 million ýewro hem-de özüniň fransiýaly hüjümçisi Antuan Grizmanny bermegi göz öňünde tutýar. Grizmannyň bahasy 100 million ýewro deňdir.

Eger Fransiýanyň topary bu teklipden ýüz öwren halatynda «Barselona» topary Grizmanny başga topary satyp, Neýmaryň transferi üçin pul serişdelerini üpjün etmegi meýilleşdirýär.

29 ýaşly Antuan Grizmann “Barselonanyň” düzüminde 37 duşuşykda meýdança çykyp, 14 gol geçirdi. Neýmar bolsa PSŽ toparynda 22 duşuşykda 18 gezek tapawutlanmagy başardy.

Ýene-de okaň

Žoze Mourinýo 13 ýyldan soňra ýene-de “Reala” dolandy

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri