SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

12-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 12-nji awgustndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Köne ýalňyşlyklary düzetmek we gutarylmadyk işi gutarmak üçin gowy gün. Wagtyňyzy ýitirmeseňiz köp zat edip bilersiňiz. Hatda kyn meseleler hem sizi binjalyk  etmez. Köp Hamallar  kyn ýagdaýlarda başgalara goldaw berip, olar üçin peýdaly bir zat edip bilerler.Güniň ikinji ýarymynda   ýakynlaryňyza   ideg etmek we maşgala meseleleriňize üns bermek üçin bir mümkinçilik bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Islendik çylşyrymly meseläni çözüp bilersiňiz. Mümkin däl ýaly görünýän zatlar hem siziň güýjüňize bagly bolar. Emma daş-töweregiňizdäkileriň hemmesi pikirleriňizi goldamaz. Sowurlaryň  köpüsi özleri bilen ýeke pikirlenmek üçin wagt saýlamalydyr.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Iň batyrgaý meýilnamalaryňyzam bu gün amala aşyp bilersiňiz. Hemme zat  siziň peýdaňyza  üstünlikli we  tötänlikli bolup biler. Hemme zat siziň garaşanyňyzdan has çalt netije berer. Köp zat etmäge wagtyňyz bolar.Käbir Jöwzalar  bir wagtlar dawa edip, ökünenleri bilen ýaraşyk baglaşyp bilerler.  

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün ylham we güýç bilen başlar. Meýilleşdiren  hemme zatlaryňyzy çalt we ýalňyşsyz çözüp bilersiňiz. Kärdeşler we işewür hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk üstünlikli bolar. Köp Seretanlar  köpden bäri garaşýan hoş habaryny  alarlar. Günüň ikinji ýarymynda adaty işleriňize üns bermeli.Gyzykly adamlar bilen täze tanyşlar bolmagy ähtimal.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün ýalňyşlyk etmeseňiz hemme zady  çalt düzedersiňiz. Söwda üçin amatly gün däl ýöne ep-esli maliýe ýitgileriniň öňüni alyp bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýlar has amatly bolar. Ýakymly  wakalary we bagtly tötänlikleri aradan aýyryp bolmaz.Esetleriň  köpüsi agşam dostlaryň ýanynda geçirmeli bu diňe bir ýakymly bolman, eýsem peýdaly bolar. 

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Günüň birinji ýarymynda adaty meselelere üns beriň. Kärdeşleriňiziň kömegi bilen netijesi doly size bagly bolan işler bilen meşgullanmak  has gowusydyr. Başgalar bilen umumy dil tapmak elmydama mümkin däl. Ujypsyz düşünişmezlikler bolmagy ähtimal. Olary ýeňip geçmek kyn bolmaz ýöne goşmaça wagt sarp etmeli bolarsyňyz.Käbir Sünbüleler geljegi uly teklipleri alarlar. Özüňizde täze zehinleri açmaga mümkinçilik bolar. Agşam ýakyn adamyňyz bilen çynlakaý söhbetdeşlik üçin amatly. 

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Ähli  işleriňizde bagtly bolarsyňyz. Uzak wagt bäri durmuşyňyzy üýtgetmek hakda pikir edýän bolsaňyz bu gün pikirlenmekden anyk ädimlere geçmegiň wagty geldi. Öňünden taýýarlanan meýilnama boýunça hereket etmekde we öz-özünden karar bermekde deň derejede ökde bolarsyňyz. Garaşylmadyk çeşmelerden nagt girdejiler bolmagy ähtimal. Meýilleşdirilmedik pullary derrew sarp etmäge howlukmaň.Köp Mizanlar  düýbünden başga adamlar bilen umumy dili aňsatlyk bilen tapyp bilerler.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Adaty bolmadyk meseleleri we standart däl işleri ýerine ýetiriň. Hatda çylşyrymly soraglary hem kynçylyksyz çözüp bilersiňiz. Özüňize ynamly boluň şonda uly belentliklere ýetip bilersiňiz. Köne dostlaryňyzdan maslahat soramakdan çekinmäň.Günüň ikinji ýarymynda ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar bolup biler. Käbir  Akraplarda  işewürlik ýa-da dostluk gatnaşyklary kem-kemden romantik gatnaşyklara öwrüler.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Başgalar bilen aragatnaşyk saklamak aňsat bolar. Kärdeşler bilen bilelikde işlemegiň netijeleri has gowy bolar. Sizde köp gyzykly mümkinçilikler bolar we olaryň hiç birini sypdyrmarsyňyz. Köp Kowuslar häsiýetlerini görkezer we abraýyny ep-esli güýçlendirer.Güniň ikinji ýarymynda ähli işleriňizi ýerine ýetirmäge wagtyňyz bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Şol bir wagtyň özünde birnäçe zady başdan geçirmeli bolarsyňyz.Ýöne  birneme tolgunmaly bolarsyňyz. Öňki tejribeleriňiz  size gaty peýdaly bolar. Käbir Jediler diňe bir ähli meselelerini çözmek bilen çäklenmän, kyn ýagdaýa düşenlere hem kömek edip bilerler.Günüň ikinji ýarymynda adamlar bilen gepleşik geçirmäge ökde bolarsyňyz. Öň jedel eden we gapma-garşy bolan adamlaryňyz  bilenem umumy dil tapyp bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Säher rahat we aljyraňňy bolar. Ujypsyz sebäpler bilen ünsüňizi sowarsyňyz şol bir wagtyň özünde müň zady başdan geçirmeli bolarsyňyz. Pikirleriňizi ýygnamak we hereket meýilnamasy hakda pikir etmek üçin birnäçe minut sarp etmek ýeterlikdir. Şonda wagtyňyzy dogry tygşytlap zerur zatlaryň hemmesini dolandyryp bilersiňiz Günüň ikinji ýarymynda Daluwlaryň köpüsi islenýän netijelere çalt ýeterler. Agşam ýakynlaryňyzdan ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar bolup biler.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Möhüm zatlary soňa çenli goýmaň. Adaty meseleleriň hem-de üýtgeşik bir zadyň üstünden üstünlikli gazanarsyňyz. Käbir Hutlar  ret etmek islemeýän gyzykly tekliplerini alarlar. Güýç we ylhamyň artýandygyny duýarsyňyz we  meýilleşdireniňizden has köp zat etmäge wagtyňyz bolar.Günüň ikinji ýarymynda köpden bäri görmek isleýän adamlaryňyz  bilen tötänleýin duşuşyklar hem aradan aýrylmaýar. Aragatnaşyk sizde  köp lezzet getirer.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama