JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini COP31 Liderler sammitine çagyrdy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Prezident Ärdogan gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentini noýabr aýynda Antalýada geçiriljek COP31 Liderler sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Doglan günüňiz mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, parahat we uzak ömür arzuw edýärin.

Diliň, medeniýetiň, diniň we taryhy kökleriň umumylyklaryna esaslanýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde yzygiderli ösdürilýändigi buýsandyrýar.

Sizi 2026-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Antalýada geçiriljek COP31 Liderler sammitinden görmäge şatdyryn.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Gündogar edebiýatyna sarpa

vepa

Şu gün owgan harytlarynyň sergisi açylýar