SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýurduň ilatynyň ýarysy maýmyn mamasyna garşy immunitete eýedir

Özbegistanyň ilatynyň ýarysy adaty mama keseline garşy hökmany sanjymy alandygy üçin maýmyn mamasyna garşy immunitete eýedir. Bu kesel Özbegistanda pandemiýa derejesine eýe bolmajakdygy bellenildi.

Bu barada Özbegistanyň Sanitar-epidemiologik abadançylygy we jemgyýetçilik saglygy gullugynyň başlygynyň orunbasary Nurmat Otabekow belledi.

– 1980-nji ýyla çenli doglan Özbegistanyň ähli raýatlary mama keseline garşy sanjym aldy. Sanjym sebäpli ilatyň 50 göterimi immunitete eýedir. Şonuň üçin bu kesel epidemiýa ýagdaýyny döretmeýär – diýip, Otabekow onlaýn brifingde belläp geçdi.

Häzirki wagtda Özbegistanda 35 milliondan gowrak ilatyň arasynda maýmyn mamasy keseline duçar bolan ýagdaýa duş gelinmedi.

 

 

BRIKS-iň çägi giňeldiler

Related posts

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary ýola goýlar

Kosmos syýahatçylygy barha golaýlaýar

Koronawirus waksinada ýokary netijelilik

Ata Watan Eserleri