SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 31-nji ýörite gatnaw amala aşyryldy

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna 31-nji ýörite gatnaw amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, ozal hem habar berşimiz ýaly, 17-nji dekabrda amala aşyrylan ýörite uçar gatnawy “Domodedowa” howa menziline gondy. Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyrýan bu gatnawy Türkmenabat şäherinden uçdy. Russiýanyň ilçihanasynyň gurnan bu saparyndan 192 ýolagçy peýdalandy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, koronawirus ýokanjy sebäpli halkara uçar gatnawlary togtadyldy. Wagtlaýyn çäklendirmeleriň çäklerinde Russiýanyň ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy 2020-nji ýylyň martyndan bäri ýörite gatnawlary amala aşyryp gelýär.

Häzirki wagta çenli bu awiakompaniýa 31-nji ýörite we dekabr aýyndaky 3-nji gatnawyny amala aşyrdy.

Mundan başga-da, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýays hem ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyryp gelýär. Bu awiakompaniýanyň soňky gatnawy 12-nji dekabrda bolup geçipdi.

 

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy