JEMGYÝET

Ýewro-2024: Ispaniýa we Italiýa ýeňiş bilen başlady

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “B” toparçasyndaky ilkinji duşuşyklar geçirildi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy Horwatiýany, Italiýanyň ýygyndysy bolsa, Albaniýany kabul etdi. Ispaniýa bilen Horwatiýanyň duşuşygynyň gyzykly bolmagyna garaşyldy. Şeýle-de boldy. Ispanlar horwatlaryň derwezesine jogapsyz 3 pökgi geçirdi.

Ispan ýygyndysyndan Alwaro Morato, Fabian Ruiz hem-de Dani Karwahalyň birinji ýarymynda geçiren gollary ispanlara ýeňiş getirdi. Horwatlaryň ýeňilmegi garaşylmadyk ýagdaýlaryň biri boldy.

Italiýanyň ýygyndysy bolsa, duşuşygyň 1-nji minutynda derwezesinden gol geçirtdi. Muňa garamazdan, italýanlar tijenip, 11-nji minutda Bastoniniň we 16-njy minutda Barellanyň gollary bilen 2:1 hasabynda üstün çykdy.

 

Related posts

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de täze kararnama kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Mawy Altyn 2019: Global sarp ediş artýar

vepa