JEMGYÝET

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geldi

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiň Diwanynyň Ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Hormatly myhman Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerligi bilen garşylandy. Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow we beýleki resmi adamlar tarapyndan garşy alyndy.

Saparyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar we onda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alanyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirilmegine garaşylýar.

Related posts

Saçda pizza

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Bazarlarda käbir harytlaryň bahasy 50 göterim arzanladylar

Ata Watan Eserleri