JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşygy geçirildi.  

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen türkmen-belarus döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.   

Türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň   ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri, şol sanda Belarus Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda geljekde hem kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň işjeňleşdirmegi, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlarynyň goldanylmagyny, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, birek-biregiň çärelerine wekilleriniň gatnaşmagyny, wekiliýetleriň saparlarynyň guralmagynyň hem-de duşuşyklaryň, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň geçirilmeginiň goldanylýandygy  nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy N.Koçanowany ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň   döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

 

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar