JEMGYÝET

Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine gatnaşýar

Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis şu ýylyň 11-nji sentýabrynda anna güni tamamlanar.

Gepleşiklere türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da «Türkmennebit» we «Türkmengaz» Döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

50-DEN GOWRAK ÝURT BU ŞERTNAMA GATNAŞÝAR

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup, ol energetika serişdeleriniň halkara söwdasy, şonuň ýaly-da olaryň döwletara nebit we gaz geçirijilerinden, elektrik geçirijilerinden üstaşyr daşalmagy bilen bagly bolan syýasy, ykdysady we hukuk häsiýetli dürli meseleleriň çözgüdine gönükdirilen bolup durýandyr. Şertnama dünýäniň 50-den gowrak ýurtlary, şol sanda Türkmenistan, Beýik Britaniýa, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe beýlekiler gol çekdiler.

Nobatdaky gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar energoserişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi, infrastrukturalara ygtyýarlyk, nyrhlaryň kesgitlenilmegi we ýörelgeleri, durnukly ösüş we köpçülikleýin durmuş taýdan jogapkärçilik, dawalaryň çözülmegi, şeýle-de energoüpjünçilik ulgamyndaky geleşiklere we ylalaşyklara gatnaşyjylaryň hereketleriniň aýdyňlygy ýaly derwaýys meseleleriň ençemesine seredip geçdiler.

Çärä gatnaşan wekiller Şertnamanyň gatnaşyjylarynyň hukuklarynyň hem-de borçnamalarynyň üstaşyr geçirimler, maýa goýumlar, energetiki howpsuzlyk we netijelilik, energoserişdeleriniň söwdasy ýaly ugurlar babatynda gaýtadan gözden geçirilmeginiň zerurlygy dogrusynda bir pikire geldiler.

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär