JEMGYÝET

Russiýadaky türkmen raýatlary getirildi

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing” kysymly uçary bilen 272 türkmen raýaty Türkmenabadyň halkara howa menziline getirildi. Bu raýatlarymyzyň esasy bölegi Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlanlar ýa-da ýokary okuw mekdeplerini gaýyna okaýan talyplardyr. Şeýle hem koronawirus epidemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler sebäpli gelip bilmeýän raýatlar hem bar. Häzirki wagtda olary ýurdumyza getirmek işleri tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar. Bu barada “Orient.tm” internet saýtynda habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, 6-njy sentýabrda Belarusdaky türkmen talyplary getirildi. Bu gatnaw Belarusdan amala aşyrylan 2-nji gatnaw boldy. Mundan ozal, 24-nji awgustda Belarusdan Türkmenabada türkmen raýatlary getirilipdi. Şeýle hem 22-nji awgustda Hindistandaky raýatlarymyz gelipdiler.

Bu gatnawlar “Boeing” uçarlary bilen amala aşyrylyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we onuň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň, migrasiýa we beýleki gulluklaryň ýakyndan ýardam bermegine ýerine ýetirilýär.

Uçara münmezden ozal, 2 gün mundan ozal koronawirus ýokanjynyň ýokdugy baradaky saglyk kepilnamasy bolmaly. Bolman halatynda, ýolagçylar howa menzilinde täzeden synagdan geçiriler.

Şeýle hem Türkmenabada gelen raýatlarymyz 14 günlük hökmany karantin çärelerini geçerler.

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady