JEMGYÝET

Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi daşary ýurtda wekilhana açar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiziň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga, ýurdumyzyň ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen taýsyz tagallalary netijesinde dünýä we sebit ähmiýetli birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

2018-nji ýylda «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi bilen, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly halkara gatnawlarda ýükleri we poçtany daşamak işleri artdyryldy.

Dünýäniň iri logistiki kompaniýalarynyň dürli ýurtlarda öz wekilhanalaryny we şahamçalaryny döretmekde uly tejribesiniň bardygy, munuň bolsa halkara gatnawlarda ýük dolanyşygyny artdyrmaga, daşary ýurtlarda özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga we bazarlary öwrenmäge ýardam edýändigi hem-de bu ugurda degişli teklipleriň taýýarlanylandygy habar berildi.

 

Ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi