JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Döwlet Dumasynda gepleşikler geçirdi

Şu günler Russiýa Federasiýasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygynyň iňňän uly tejribesiniň we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen dostlugynyň iki ýurduň arasyndaky has ýygjam gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem Wolodin Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky parlament gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berjekdigini mälim etdi.

Mundan başga-da, Döwlet Dumasynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Başlygyny Hazarýaka döwletleriň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle duşuşygy geljek ýyl Bakuda geçirmek meýilleşdirilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Döwlet Dumasynyň Başlygynyň we azerbaýjanly kärdeşiniň başlangyjy goldady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow indiki ýyl Türkmenistanda türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny belläp, Döwlet Dumasynyň Başlygyny bu dabara çagyrdy.

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy uly höwes bilen kabul etdi.

 

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy BMG-niň Ilat gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Çankırı ve Karabük Türkmen ressamlarının fırçasında

vepa

Leave a Comment