JEMGYÝET

Ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Täze ýyl baýramy hem-de 2022-nji ýylda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlary, «tegelek stol» maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we sergileri, onlaýn maslahatlary, aýdym-sazly dabaralary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

  • 1-nji ýanwarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
  • Şeýle hem aýyň ilkinji on gününde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda Täze ýyl baýramçylyk çäreleri geçiriler.
  • 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy bolar.
  • Watan goragçylarynyň güni «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly çäre hem-de Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly konsert bilen belleniler.

 

“Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

Related posts

Bank we ýokary okuw mekdepleriniň işi kämilleşdiriler

Premýer ministr öýlenýär

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri