JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Türkmenistanyň raýatlarynyň Hytaýa gidýänleriň sanynyň artmagy bilen baglylykda, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy konsullyk bölüminde kabul ediş günleriniň wagtlaýynça artdyrylandygyny habar berdi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtyna habar berilýär.

2025-nji ýylyň 18-nji awgustyndan 30-njy sentýabry aralygynda resminamalar hepdäniň dört güni — duşenbe, sişenbe, penşenbe we anna günleri kabul ediler.

* **Resminama kabul ediş:** 9:30 — 11:30
* **Resminama bermek:** 15:30 — 17:00

Şeýlelikde, görkezilen döwürde raýatlardan resminama tabşyrmak we konsullyk hyzmatlaryny almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisine täze saýlanan deputatlar belli boldy

Adam atlarynyň manysy 03-nji fewral

Ata Watan Eserleri

Uçarda ýokary tizlikli internet

Ata Watan Eserleri