JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýä gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Related posts

Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda geçiriljek çäreleriniň sanawyny tassyklady

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment