DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Siriýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdiler.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary şu agyr pursatda tebigy hadysalarda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdiler.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Related posts

Türkmenistan bilen ABŞ ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Taryhda şu gün: 6-njy iýun

Türkmenistanyň wekiliýeti sebit maslahatyna gatnaşdy

Leave a Comment