JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ― Russiýa hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryny teklip etdi

Şu gün Astana şäheriniň Kongres merkezinde geçirilýän «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä geosyýasatyndaky häzirki meýilleriň oňyn ýagdaýda däldigini aýdyp, şu düzüme gatnaşýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda aýratyn üns berilmeli anyk ugurlary teklip etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň pikiriçe, şol ugurlar, ine, şulardan ybarat bolup biler:

Birinjiden, biziň ýurtlarymyzdaky ýagdaýyň durnuksyzlaşdyrylmagy; şeýle synanyşyklara garşy durmak.

Ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm, kiber we biologik howplardan goramagyň kepilliklerini üpjün etmek.

 Üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna hakykata gabat gelmeýän pikirleriň we ahlak düzgünleriniň emeli ýol bilen ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek.

 Dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň ýaramaz netijelerini öňünden duýdurmak.

Şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda agzalan ugurlarda bilelikdäki işleri güýçlendirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky altytaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, şu meseläniň ýörite gulluklaryň we beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini belledi.

Related posts

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň Monaka Knýazlygyna sapary

“Rönesans Holding” alternatiw energiýa pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar

Leave a Comment