JEMGYÝET

Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geler

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) Nepal döwletiniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurduň Premýer-ministr Şarma Oli 3-nji awgustda Türkmenistana geler.

Maslahat 5-8-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär diýip, Nepalyň Daşary işler ministrligi beren beýanatynda habar berdi.

Premýer-ministr Şarma Oli bu maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş tarapyndan çagyryldy.

Nepalyň Hökümet Başlygy bu maslahatda çykyş eder, şeýle hem, maslahatyň çäklerinde geçirilen ugurdaş çärelere gatnaşar.

“Mundan başga-da, Premýer-ministr maslahatyň çäginde dürli ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we BMG-nyň beýleki ýokary derejeli wekilleri hem-de beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşar”-diýdi beýanatda bellenildi.

Premýer-ministr Şarma Oliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde onuň maşgalasy Radhika Şakýa, baş geňeşçi Bişnu Rimal, Federal mejlis agzasy Sýurýa Bahadur Thapa Kşetri we beýleki ýokary derejeli hökümet işgärleri bar.

Premýer-ministr 8-nji awgustda Nepala gaýdyp barar.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar