BIZNES

Türkmenistanda çig nebitiň çykarylýan möçberi artdyrylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Sarp edijileri nebit önümleriniň zerur möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan netijeli çäreler görülýär, hususan-da, nebit önümleriniň kabul edilişine, saklanylyşyna, goýberilişine, daşalyşyna hem-de peýdalanylyşyna gözegçilik edilýär.

Şeýle hem wise-premýer “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde ýerleşýän “Çeleken ýangümmez” gurluşyny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi nebitgaz ýataklaryny çalt depginde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak arkaly amala aşyrylýar. Munuň özi çig nebitiň çykarylýan möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk agentligi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Birža täzelikleri: singapurly telekeçiler karbamid satyn aldylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenan telekeçiligi boýunça okuw maksatnama gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy

Leave a Comment