JEMGYÝET

Türkmenistan Russiýa täze ilçi belledi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir guramaçylyk meselelerine hem garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Batyr Niýazlyýewi başga işe geçmegi sebäpli  Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, şol sanda Sloweniýa Respublikasynda, Serbiýa Respublikasyndaky we Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ilçisi wezipesine Esen Aýdogdyýewi belläp, ony Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.

Esen Aýdogdyýew mundan ozal, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky we Şweýsariýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinde işledi.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda hemişelik wekili boldy.

Esen Aýdogdyýew 2014-nji ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilipdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar