BIZNES

Aşgabatda Eýranyň 15-nji ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

2023-nji 17-19-njy noýabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda “Iran Project” atly Eýran Yslam Respublikasynyň 15-nji ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Bu barada Eýranyň ilçihanasy habar berýär.
Umuman Eýranyň öňdebaryjy 100-e golaý kärhanasy, ýagny gurluşyk pudagyna degişli (gurluşyk materiallary, daş, sement, keramika, plitkalar, kranlar we saglygy goraýyş enjamlary, elektrik enjamlary, kabeller, rozetkalar we jaýlary yşyklandyryş enjamlary) we tehniki – inženerçilik hyzmatlary hödürleýän kärhanalar (nebit, gaz, nebithimiýa, elektrik, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m.) bu sergä gatnaşar.
Sergi 17-nji noýabrda öz işine başlar. Şeýle-de, 18-nji noýabrda Eýranyň we Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda tejribe we  pikir alyşmak maksady bilen ykdysady hyzmatdaşlyk mejlisi geçiriler.
Türkmenistanyň ähli raýatlaryny hususan-da telekeçiler we türkmen kärhanalaryň wekillerini sergä aýlanmaga çagyrýarys.

 

Ýene-de okaň

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi