JEMGYÝET

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine täze rektor bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir guramaçylyk meselelerine hem garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýewi başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewa bellendi.

Maral Kuliýewa mundan ozal, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinde işledi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine bolsa, şol ýokary okuw mekdebiniň prorektory Maksat Çaryýew bellendi. Maksat Çaryýew Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýeňiş güni mynasybetli Gutlagy

Türkmenistanyň Prezidenti üçin Türkiýede resmi kabul etmek dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça täze kararnamasy