JEMGYÝET

Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow ACA-nyň çempiony

Başa-baş göreş boýunça 29 ýaşly türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow (17-5-1) täze halkara ýaryş bolan Absolute Championship Akhmatyň (ACA) ýarymagyr agram boýunça çempiony boldy. 93 kilograma çenli agram derejesindäki pälwanlaryň arasynda ýaryşan ildeşimiz Warşawanyň Torwar-arena sport toplumynda geçirilen ýaryşda polşaly 38 ýaşly pälwan Karol Selinskini (16-7-1) dördünji raundda nakaut bilen ýeňdi.

Bassyr bäş ýeňşinde ýeňiş gazanan, şol sanda ACA-nyň çempionlyk guşagynyň eýesi, russiýaly Batraz Agnaýewi hem ikinji raundda nakaut bilen ýeňen türkmenistanly pälwan bu ýaryşa 2017-nji ýylda goşuldy. Selinskiý bilen geçirilen duşuşykdan soňra, onuň hasabynda diňe ACA-da bassyr dört ýeňiş bar.

Tutluşykdan soňra Döwletjan Ýagşymyradow ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin giň şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdi.

Related posts

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa aladalanma bildirýär

Gökdepe etrabynda täze obanyň açylyş dabarasy boldy